TÝB - 2026. Şu gün täze möwsüm badalga alýar
Şu gün, 3-nji aprelde Türkmenistanyň ýaşlar birinjiliginiň 2026-njy ýylyň möwsümine resmi taýdan badalga berilýär. Täze möwsümiň ilkinji tapgyry birnäçe gyzykly duşuşyklar bilen başlaýar.
Birinji oýun gününde iki duşuşyk geçiriler. Onda «Ahal II» topary «Köpetdag II» topary bilen, «Şagadam II» topary bolsa «Nebitçi II» bilen güýç synanyşar.
Birinji tapgyryň galan iki duşuşygy 4-nji aprelde geçiriler. Şol gün «Arkadag II» topary «Merw II» topary bilen duşuşsa, «Altyn Asyr II» topary «Aşgabat II» topary bilen meýdança çykar.
Duşuşyklaryň netijelerini we ýaryşyň tablisasyny biziň "Netijeler" bölümimizden yzarlap bilersiňiz.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


