APL. "Ýunaýted" Ýewropada taýýarlyk duşuşyklaryny geçirer
Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» topary 2026-njy ýylyň tomsunda adaty däbini üýtgedip, möwsüme taýýarlyk duşuşyklaryny Aziýada däl-de, Ýewropada geçirer. Bu barada "The Athletic" neşiri habar berýär.
Maglumata görä, "gyzyl şeýtanlaryň" sapary bäş ýurdy öz içine alar: Finlýandiýa, Şwesiýa, Norwegiýa, Irlandiýa we Polşa. Topar dürli şäherlerde birnäçe güýçli garşydaş bilen duşuşar.
Duşuşyklaryň meýilnamasy şeýle bolar:
– «Mançester Ýunaýted» – «Rekshem» (18 iýul, Helsinki, Finlýandiýa)
– «Mançester Ýunaýted» – «Rusenborg» (24 iýul, Trondheim, Norwegiýa)
– «Mançester Ýunaýted» – «Atletiko» (1 awgust, Stokgolm, Şwesiýa)
– «Mançester Ýunaýted» – «PSŽ» (8 awgust, Geteborg, Şwesiýa)
– «Mançester Ýunaýted» – «Lids» (12 awgust, Dublin, Irlandiýa)
– «Mançester Ýunaýted» – «Milan» (15 awgust, Wroslaw, Polşa)

Bu duşuşyklaryň käbiri taryhy taýdan hem aýratyn ähmiýete eýe bolar. Mysal üçin, «Mançester Ýunaýted» Polşada soňky gezek 1998-nji ýylda çykyş edipdi, Wroslaw şäherinde bolsa hiç haçan oýnamandy. Şeýle hem topar Dublin şäherindäki "Krok Park" stadionynda ilkinji gezek meýdança çykar.
Geçen ýylda hem "Mançester Ýunaýted" Skandinawiýa ýurtlarynda birnäçe taýýarlyk duşuşyklaryny geçiripdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


