Aşgabat şäherinde futzal boýunça AFK-nyň "Level-1" derejeli tälimçi kurslary geçirilýär

Aşgabat şäherinde Aziýa FutbolKonfederasiýasynyň (AFK) howandarlygynda futzal boýunça «Level-1» derejeli tälimçilik kurslary geçirilýär.

Kurslara AFK-nyň futzal boýunça instruktory, Özbegistandan FaruhZakirow ýolbaşçylyk edýär. Oňa Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň futzal boýunça instruktory Ahmet Kerwenow kömek berýär.

Alty günlük okuw maksatnamasy nazary we amaly sapaklary öz içine alýar. Nazary sapaklar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilýär, amaly sapaklar bolsa Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda guralýar.

Okuwy üstünlikli tamamlan tälimçiler futzal boýunça AFK-nyň «Level-1» derejeli tälimçi ygtyýarnamasyny almaga mümkinçilik alarlar.

Çeşme: TFF