TFF-niň Eminler komitetiniň ilkinji mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Eminler bölüminiň guramagynda paýtagtymyzda ýerleşýän “Köpetdag” sport toplumynyň mejlisler zalynda Eminler komitetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Bu duşuşyk ýaş eminleri taýýarlamak we eminligiň derejesini ýokarlandyrmak ugrunda möhüm ädim boldy.

Mejlisiň gün tertibinde birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen täze bellenen agzalar TFF-niň Eminler bölüminiň we Eminler komitetiniň maksatlary hem-de esasy borçlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de ýaş höwesjeň oglan-gyzlary eminlige çekmek maksady bilen sebitlerde alnyp barylmaly işler boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Mundan başga-da, TFF-niň guramagynda geçirilýän ýaryşlarda eminligiň hilini ýokarlandyrmak üçin degişli meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. 2026-njy ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynda, ýaşlar toparlarynyň arasynda geçirilýän birinjilikde hem-de Türkmenistanyň Kubogy bilen TFF-niň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda hyzmat etjek eminleriň we gözegçi eminleriň sanawyny tassyklamak baradaky mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem eminleriň beden taýýarlyk derejesini barlamak maksady bilen synaglary gaýtadan tabşyrmak boýunça teklipler öňe sürüldi.

Mejlise Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Serdar Geldiýew, Eminler bölüminiň başlygy Çarymyrat Gurbanow hem-de Eminler komitetiniň beýleki agzalary gatnaşdylar.

Çeşme: TFF