DÇ-2026-nyň ähli gatnaşyjylary belli boldy

31-nji mart agşamy we 1-nji aprel gijesi futbol boýunça 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda soňky çözgüt beriji duşuşyklar geçirildi. Netijede, Ýewropa we Kontinenara pleý-off oýunlaryndan soň mundialyň ähli gatnaşyjylary doly kesgitlenildi.

Ýewropa zolagyndaky pleý-offyň final duşuşyklarynda dört milli ýygyndy Dünýä çempionatyna ýollanma gazandy. Şwesiýanyň milli ýygyndysy Polşany 3:2 hasabynda ýeňdi. Türkiýäniň milli ýygyndysy Kosowany 1:0 hasabynda ýeňip, ýollanma gazandy. Bosniýa we Gersegowinanyň milli ýygyndysy Italiýa bilen 1:1 oýnap, penalti tapgyrynda 4:1 hasabynda üstün çykdy. Çehiýanyň milli ýygyndysy bolsa Daniýa bilen 2:2 oýnap, penalti tapgyrynda 3:1 hasabynda hasabynda ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, Ýewropadan Dünýä çempionatyna çykan toparlar Bosniýa we Gersegowina, Türkiýe, Şwesiýa we Çehiýa boldy. Italiýa we Daniýa ýaly güýçli ýygyndylar bolsa penalti tapgyrynda ýeňlip, ýaryşdan çykdy.

Kontinenara saýlama duşuşyklarynda hem soňky iki ýollanmanyň eýeleri belli boldy. DR Kongonyň milli ýygyndysy Jamaýkany goşmaça wagtda 1:0 hasabynda ýeňip, 1974-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Dünýä çempionatyna çykdy. Bu topar mundialda "K" toparçada Portugaliýa, Özbegistan we Kolumbiýa bilen duşuşar.

Beýleki duşuşykda Yrakyň milli ýygyndysy Boliwiýany 2:1 hasabynda ýeňip, 1986-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Yrakyň milli ýygyndysy "I" toparçada Fransiýa, Senegal we Norwegiýa bilen güýç synanyşar.

Şeýlelikde, 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň ähli toparlary we toparçalary doly kesgitlenildi. Ýaryş ABŞ-da, Kanadada we Meksikada 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli geçiriler.

Dünýä çempionatynyň toparçalary aşakdaky ýaly:

"A" toparça: Meksika, Günorta Afrika, Koreýa, Çehiýa
"B" toparça: Kanada, Bosniýa we Gersegowina, Katar, Şweýsariýa
"C" toparça: Braziliýa, Marokko, Gaiti, Şotlandiýa
"D: toparça: ABŞ, Paragwaý, Awstraliýa, Türkiýe
"E" toparça: Germaniýa, Kýurasao, Kot-d’Iwuar, Ekwador
"F: toparça: Gollandiýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Tunis
"G" toparça: Belgiýa, Müsür, Eýran, Täze Zelandiýa
"H" toparça: Ispaniýa, Kabo-Werde, Saud Arabystan, Urugwaý
"I" toparça: Fransiýa, Senegal, Yrak, Norwegiýa
"J" toparça: Argentina, Alžir, Awstriýa, Iordaniýa
"K" toparça: Portugaliýa, DR Kongo, Özbegistan, Kolumbiýa
"L" toparça: Angliýa, Horwatiýa, Gana, Panama

Soňky Dünýä çempionatynyň ýeňijisi Argentinanyň milli ýygyndysy bolup, olar 2022-nji ýylda geçirilen finalda Fransiýanyň milli ýygyndysyny penalti tapgyrynda ýeňipdi.