APL. "Tottenhem" Roberto De Zerbini baş tälimçi edip belledi
Angliýanyň «Tottenhem» topary täze baş tälimçisini resmi taýdan yglan etdi. Londonly topar italiýaly hünärmen Roberto De Zerbi bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Taraplaryň arasynda 2031-nji ýyla çenli niýetlenen bäş ýyllyk şertnama gol çekildi.

Žurnalist Fabrizio Romano tarapyndan berlen maglumata görä, De Zerbi bu teklibi derrew kabul etdi, öň bolsa onuň tomusa çenli garaşjakdygy aýdylýardy. Topar täze tälimçi bilen uzak möhletli ösüş strategiýasyna bil baglaýar.
Täze tälimçi öz çykyşynda şeýle diýdi: "Toparyň ýolbaşçylary bilen bolan gepleşiklerde olaryň geljege bolan meýilleri açyk görünýärdi. Maksat – uly üstünliklere ýetip biljek topar döretmek we janköýerleri ruhlandyrýan futbol görkezmek. Men bu meýillere ynanýaryn we şol sebäpli ähli güýjümi bermek üçin uzak möhletli şertnama baglaşdym".
Şeýle-de toparyň sport direktory Ýohan Lange täze tälimçi barada şeýle belläp geçdi: "Roberto tomus üçin esasy maksadymyzdy, emma ony häzir almak bize başartdy. Ol häzirki zaman futbolynyň iň döredijilikli we öňdengörüji tälimçileriniň biri".
Maglumata görä, De Zerbi Angliýanyň Premýer-ligasynda iň köp hak alýan tälimçileriň arasynda üçünji orny eýeläp biler. Bu sanawda öňde Pep Guardiola (20mln ýewro) we Mikel Arteta (10mln ýewro) ýerleşýär. Onuň ýyllyk gazanjynyň takmynan 8 million ýewro boljakdygy aýdylýar.
46 ýaşly hünärmen soňky gezek Fransiýanyň «Marsel» toparynda işledi we 2026-njy ýylyň fewralynda topardan gitdi. Ondan öň ol «Braýton» topary bilen Premýer-ligada üstünlikli çykyş edip, topary Ýewropa ýaryşlaryna çykarypdy. Şeýle-de onuň tälimçilik ýolunda «Şahtýor», «Sassuolo», «Benewento» we «Palermo» ýaly toparlar bar.
«Tottenhem» häzirki möwsümde kyn ýagdaýda galýar. 31 tapgyrdan soň topar 30 utuk bilen 17-nji orny eýeleýär we düşmek zolagyndan bary-ýogy bir utuk öňde barýar. Soňky ýedi duşuşykda topar diňe bir utuk gazanyp bildi.
29-njy martda topar öňki baş tälimçi Igor Tudor bilen şertnamany ýatyrdy. Ol bary-ýogy fewral aýyndan bäri işleýärdi we onuň ýolbaşçylygynda topar Premýer-ligada hiç bir ýeňiş gazanyp bilmedi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


