Türkmenistan Aziýa kubogyndan daşarda galdy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa kubogy–2027-niň saýlama tapgyryndaky çözgüt beriji duşuşykda Taýlandyň milli ýygyndysyndan 2:1 hasabynda ýeňlip, ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligini elden gidirdi.
Bangkok şäherindäki "Rajamangala" stadionynda geçirilen oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:30-da başlandy. Duşuşyk örän dartgynly ýagdaýda geçdi we iki topar hem soňky minutlara çenli göreşdi.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy duşuşykda öz mümkinçiligini görkezdi we 60-njy minutda Teýmur Çaryýewiň geçiren goly bilen hasaby deňledi. Şol pursatda bu netije toparymyza ýeterlik bolup durýardy.
.jpg)
Emma oýnuň iň soňky pursatlarynda ýagdaý üýtgedi. 89-njy minutda goýberilen gol Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin agyr zarba boldy we duşuşygyň ykbalyny çözdi.
Netijede, Türkmenistan 12 utuk bilen toparçada ikinji orny eýeledi, Taýland bolsa 15 utuk bilen birinji orny alyp, Aziýa kubogy–2027-niň final tapgyryna ýollanma gazandy.
Bu duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna hatda deňme-deňlik hem ýeterlik boljakdy, emma soňky minutdaky gol ähli umytlary puja çykardy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


