Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümi belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy şu gün geçiriljek Aziýa kubogy–2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Taýlandyň milli ýygyndysy bilen möhüm duşuşyk üçin esasy düzümini kesgitledi. Bu oýunda meýdança çykjak futbolçylar belli bolup, toparyň kapitany hökmünde Elman Tagaýew çykyş eder. Bangkok şäherindäki "Rajamangala" stadionynda boljak oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:30-da başlanar.
Esasy düzümde derwezeçi hökmünde Rasul Çaryýew («Arkadag») meýdança çykar.
Goragçylar hatarynda Mekan Saparow, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow, Güýçmyrat Annagulyýew we Arzuwguly Sapargulyýew (hemmesi «Arkadag») çykyş eder.
Ýarymgoragda Mirza Beknazarow («Arkadag»), Teýmur Çaryýew («Bars», Gyrgyzystan) we toparyň kapitany Elman Tagaýew («Nebitçi») oýna başlar.
Hüjümde bolsa Mihail Titow («Uzgen», Gyrgyzystan) we Şamämmet Hydyrow («Arkadag») gol mümkinçiliklerini döretmäge synanyşar.
Toparça ýagdaýynda Türkmenistan birinji orny eýeleýär, Taýland bolsa goşmaça görkezijiler boýunça yzda ýerleşýär. Bu duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna birinji orny saklamak üçin ýeňilmezlik hem ýeterlik bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


