Türkmenistan - Taýland duşuşygy şu gün geçiriler

Türkmenistanyň milli ýygyndysy şu gün Aziýa kubogy–2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde iň möhüm duşuşyklaryň birinde Taýlandyň milli ýygyndysy bilen güýç synanyşar. Bu oýun topar üçin çözgüt beriji bolup, toparçadan çykjak ýygyndynyň ykbalyny kesgitläp biler.

Duşuşyk 31-nji martda Bangkok şäherindäki "Rajamangala" stadionynda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:30-da başlanar.

Häzirki ýagdaýda Türkmenistanyň milli ýygyndysy toparçada birinji orny eýeleýär, Taýland bolsa goşmaça görkezijiler boýunça yza galýar. Şonuň üçin hem türkmen ýygyndysyna bu duşuşykda ýeňilmezlik hem birinji orny saklamak we Aziýa kubogy–2027-ä ýollanma almak üçin ýeterlik bolar.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow bu oýnuň ähmiýetine aýratyn ünsi çekip, toparyň doly taýýarlyk görendigini aýtdy. Şeýle-de ol garşydaşyň güýçlüdigini nygtady.

Toparyň oýunçysy Elman Tagaýew hem bu duşuşykda diňe ýeňiş üçin meýdança çykjakdyklaryny belledi. Ol ilkinji duşuşykda gazanylan 3:1 hasapdaky ýeňşe garamazdan, toparyň diňe şu oýna üns berýändigini aýtdy.

Tehniki maglumatlara görä, bu duşuşykda "VAR" ulgamy ulanylmaz. Şeýle-de täze düzgün boýunça derwezeçi topy 8 sekuntdan köp saklan ýagdaýynda garşydaş toparyň peýdasyna burç urgusy belleniler.

Duşuşyk göni ýaýlymda "Thairath TV Channel 32" arkaly, şeýle-de olaryň resmi "Facebook" we "YouTube" sahypalarynda görkeziler.