Bundesliga. "Bawariýa" Rafael Gerreiro bilen hoşlaşar
Mýunheniň «Bawariýa» topary goragçy Rafael Gerreironyň möwsümiň ahyrynda topary terk etjekdigini resmi taýdan yglan etdi. Futbolçynyň şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsunda tamamlanýar we uzaldylmaz.

Toparyň sport direktory Maks Eberl futbolça topar üçin eden hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Gerreironyň diňe meýdançada däl, eýsem geýim otagynda hem möhüm rol oýnandygyny belläp geçdi. Şeýle-de taraplaryň arasynda gepleşikleriň oňyn ýagdaýda geçendigini we özara hormatyň saklanandygyny aýtdy. Möwsümiň ahyryna çenli goragçy topara kömek etmegini dowam etdirer.
Gerreiro «Bawariýada» 2023-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edýärdi. Ol bu topara «Borussiýa Dortmund» toparyndan goşulypdy. Şu döwürde ol 89 duşuşykda meýdança çykyp, 12 gol geçirdi we 8 asist berdi.
Mýunhen toparynyň ýakyn oýunlary hem öňde. 4-nji aprelde «Bawariýa» Germaniýanyň çempionatynda «Fraýburg» topary bilen myhmançylykda duşuşar. Şeýle-de 8-nji aprele geçilýän gije topar Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň çäginde Madridiň «Real» topary bilen "Santýago Bernabeu" stadionynda güýç synanyşar.
«Bawariýa» futbolçynyň topar bilen baglanyşykly ýolunyň tamamlanýandygyny resmi saýty arkaly hem tassyklady. Rafael Gerreiro möwsüm tamamlanandan soň erkin agent hökmünde täze topara geçer.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


