APL. "Arsenalda" uly kadr meselesi ýüze çykdy

Londonyň «Arsenal» topary milli ýygyndy oýunlarynyň arakesmesinde çynlakaý kadr kynçylygy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu barada "LiveScore" neşiri habar berýär.

Maglumatlara görä, toparyň derňewine görä, birbada 11 futbolçy dürli derejedäki şikesler sebäpli milli ýygyndynyň oýunlaryny goýberdi ýa-da ýygyndylaryň düzüminde çykyş edende şikes aldy.

Şikes alan oýunçylaryň sanawynda şu futbolçylar bar: Ebereçi Eze, Deklan Raýs, Noni Madueke, Bukaýo Saka, Ýurrien Timber, Martin Subimendi, Leandro Trossard, Gabriel, Wilýam Saliba, Pýero Inkapiýe hem-de Martin Edegor.

Bu ýagdaý «Arsenal» üçin möwsümiň iň möhüm tapgyrynyň öňüsyrasynda uly kynçylyk döredýär. Topar häzirki wagtda Angliýanyň çempionatynda çempionlyk ugrunda «Mançester Siti» bilen göreş alyp barýar.

Muňa garamazdan, «Arsenal» ýaryş tertibinde «Sitidan» dokuz utuk öňde barýar.