APL. "Tottenhem" tälimçisi Igor Tudor bilen hoşlaşdy

«Tottenhem» topary horwatiýaly hünärmen Igor Tudor bilen hyzmatdaşlygyny bes etdi. Bu barada london topary resmi taýdan habar berdi.

Taraplaryň özara razylygy esasynda kabul edilen kararyň netijesinde, Tudor bilen birlikde derwezeçiler boýunça tälimçi Tomislaw Rogiç hem-de fiziki taýýarlyk boýunça hünärmen Rikkardo Ragnaççi hem topary terk etdi.

Bu çözgüt birnäçe içerki maslahatlaşmalardan soň kabul edildi, emma esasy täsir eden faktor soňky duşuşygyň netijesi boldy. Topar Angliýanyň çempionatynyň 31-nji tapgyrynda «Nottingem Forest» toparyndan 0:3 hasabynda ýeňildi.

Igor Tudor «Tottenheme» 14-nji fewralda ýolbaşçy boldy, emma gysga wagtyň dowamynda toparyň netijeleri kanagatlandyryjy bolmady. Onuň ýolbaşçylygynda topar ýedi duşuşykda bäş gezek ýeňildi.

Toparyň resmi beýanatynda hünärmene we onuň kömekçi toparyna eden işleri üçin minnetdarlyk bildirildi. Şeýle-de, Tudor şahsy ýitgisi sebäpli goldaw sözleri ýetirildi.

«Tottenhemiň» täze baş tälimçisiniň adynyň ýakyn wagtda mälim edilmegine garaşylýar.