Neýmar tomusa çenli diňe öý oýunlarynda çykyş eder
Braziliýanyň «Santos» toparynyň hüjümçisi Neýmar ýakyn wagtda geçiriljek myhmançylykdaky duşuşyklary goýberer. Bu barada "Marca" neşiri habar berýär.
Maglumatlara görä, 32 ýaşly futbolçy geçen ýylda alan şikesiniň gaýtalanmagyndan howatyrlanýar. Şonuň üçin ol ýüklenmäni azaltmak maksady bilen diňe öz meýdançasynda geçiriljek oýunlara gatnaşmagy meýilleşdirýär.
Şu döwürde Neýmaryň öýünde geçiriljek ýene ýedi duşuşygy galýar. Ol şol oýunlarda öz formasyny görkezmäge we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Karlo Ançelottini özüne ynandyrmaga synanyşar.
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň Dünýä çempionatyna gatnaşjak soňky düzümi 18-nji maýda mälim ediler. Ozal Karlo Ançelotti Neýmary ýakyn wagtda geçiriljek ýoldaşlyk duşuşyklary üçin düzüme goşmandy, bu ýagdaý sport metbugatynda uly seslenme döretdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


