TÝB U17. “Aşgabat U17” bilen “Merw U17” toparlary öňdeligi eýeleýärler

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýanyndaky 17 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen toparlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýaşlar birinjiliginiň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde “Aşgabat U17” hem-de “Merw U17” toparlary ilkinji iki orny eýeleýärler. Paýtagtymyzyň topary 7 utuk toplan bolsa “Merwiň” ýaşlar düzümi 6 utuk toplamagy başardy.

Ýaşlar birinjiliginiň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary 1-nji iýunda geçiriler: “Köpetdag U17” – “Nebitçi U17”, “Ahal U17” – “Altyn Asyr U17”, “Merw U17” – “Arkadag U17”, Şagadam U17” – “Aşgabat U17”.

17 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen toparlaryň gatnaşmagyndaky birinjiligiň duşuşyklary Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk stadionyň türgenleşik meýdanynda geçirilýändigini ýatladýarys.

17 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen toparlaryň gatnaşmagyndaky birinjiligiň netijeleri:

 1-nji tapgyryň netijeleri: 

 “Şagadam U17” – “Ahal U17” – 0:3

“Nebitçi U17” – “Altyn Asyr U17” – 1:1

“Köpetdag U17” – “Merw U17” – 1:5 

“Aşgabat U17” – “Arkadag U17” – 1:1

 

2-nji tapgyryň netijeleri: 

“Merw U17” – “Altyn Asyr U17” – 0:6 

“Arkadag U17” – “Nebitçi U17” – 1:1

“Ahal U17” – “Aşgabat U17” – 1:6 

“Köpetdag U17” – “Şagadam U17” – 1:8

 

3-nji tapgyryň netijeleri:

“Şagadam U17” – “Merw U17” – 1:2

“Aşgabat U17” – “Köpetdag U17” – 5:2

“”Nebitçi U17” – “Ahal U17” – 2:1 

“Altyn Asyr U17” – “Arkadag U17” – 2:2

Çeşme: TFF