TÝB U15. iki tapgyrdan soň öňe saýlanan toparlar belli boldy

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýanyndaky 15 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen toparlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýaşlar birinjiligini 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Geçirilen oýunlardan soň toparlaryň üçüsi – “Ahal U15”, “Altyn Asyr U15” hem-de “Aşgabat U15” ýaşlar toparlary toplan 6 utuklary bilen öňdäki orunlary eýeleýärler.

3-nji tapgyryň duşuşyklary 28-nji martda geçirilip, onda “Şagadam U15” – “Nebitçi U15”, “Köpetdag U15” – “Merw U15”, “Arkadag U15” – “Aşgabat U15” hem-de “Altyn Asyr U15” – “Ahal U15” toparlary duşuşarlar.

15 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen toparlaryň gatnaşmagyndaky birinjiligiň duşuşyklary paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionyna ýanaşyk futbol meýdanynda geçirilýändigini ýatladýarys.

15 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen toparlaryň gatnaşmagyndaky birinjiligiň 1-nji we 2-nji tapgyrlarynyň netijeleri:

 1-nji tapgyr: 

“Arkadag U15” – “Ahal U15” – 2:4 

“Altyn Asyr U15” – “Köpetdag U15” – 5:2 

“Nebitçi U15” – “Aşgabat U15” – 1:2 

“Şagadam U15” – “Merw U15” – 0:4

2-nji tapgyr:

“Aşgabat U15” – “”Köpetdag U15” – 1:0

“Merw U15” – “Altyn Asyr U15” – 0:5

“Ahal U15” – “Şagadam U15” – 5:0

“Nebitçi U15” – “Arkadag U15” – 2:7

Çeşme: TFF