La Liga. "Barselona" Rafinýanyň şikesi barada resmi maglumat berdi
«Barselona» topary öz hüjümçisi Rafinýanyň şikesi boýunça resmi beýanat bilen çykyş etdi. Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Fransiýanyň milli ýygyndysyna garşy geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda (1:2) futbolçy özüni oňaýsyz duýdy we ilkinji ýarymdan soň çalşyldy.
Toparyň maglumatyna görä, Braziliýanyň futbol konfederasiýasy bilen bilelikde geçirilen lukmançylyk barlaglary Rafinýanyň sag aýagynyň budunyň arka tarapyndaky myşsa baglarynyň zeper ýetendigini görkezdi. Şondan soň ol «Barselonanyň» ýerleşýän ýerine dolanyp, dikeldiş işlerine başlady.

Deslapky bahalandyrmalara görä, futbolçynyň doly dikelişi üçin takmynan bäş hepde gerek bolar.
Häzirki möwsümde Rafinýa ýokary netijelilik görkezýär. Ol 31 duşuşykda 19 gol geçirip, 8 gezek asist berdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


