APL. "Liwerpul" Arne Slot bilen dowam eder

«Liwerpul» toparynyň baş tälimçisi Arne Slot indiki möwsümde hem öz wezipesinde galar. "The Athletic" neşiriniň habaryna görä, toparyň ýolbaşçylary häzirki möwsümdäki dürli netijelere garamazdan, hünärmene doly ynam bildirýär.

Toparyň içinde tälimçi çalyşmak meselesi asla garalmaýar. Munuň tersine, «Liwerpulyň» ýolbaşçylary Arne Sloty goldamagy meýilleşdirýär we ýakyn transfer penjiresinde oňa has güýçli düzüm ýygnamaga mümkinçilik berjekdigini belleýär.

Topar birnäçe ýyllyk ösüş strategiýasyny hut Arne Slot bilen baglanyşdyrýar. Tälimçi täze oýunçylary saýlamakda we düzüm düzmekde esasy rol oýnar.

Gollandiýaly hünärmen «Liwerpula» 2024-nji ýylda ýolbaşçy boldy. Ol ilkinji möwsüminde uly üstünlik gazanyp, topary 2019/2020 möwsüminden bäri ilkinji gezek Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempiony etdi.

Häzirki möwsümde bolsa 31 tapgyrdan soň «Liwerpul» ýaryş tertibinde 5-nji orny eýeleýär.