La Liga. "Barselona" möhüm oýunlaryň öňüsyrasynda Rafinýadan mahrum boldy
«Barselona» topary möwsümiň iň jogapkärçilikli tapgyrynda esasy oýunçylarynyň birini ýitirdi. Toparyň baş tälimçisi Hansi Flik öňdäki duşuşyklarda braziliýaly gapdal hüjümçi Rafinýanyň hyzmatyndan peýdalanyp bilmez.
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň Fransiýanyň milli ýygyndysyna garşy geçiren duşuşygynda Rafinýa myşsa şikesini aldy. Şikesiň çynlakaý bolandygy sebäpli, ol derrew toparyna dolanyp, bejergä başlady. Şeýlelikde, ol milli ýygyndynyň indiki oýnunda çykyş etmez.

Braziliýanyň futbol federasiýasy oýunçynyň dikeliş möhletini resmi taýdan mälim etmedi. Şeýle-de bolsa, Braziliýadaky maglumatlara görä, Rafinýanyň takmynan bir aý meýdançalardan uzakda bolmagyna garaşylýar.
Şeýle ýagdaýda, «Barselona» ýakyn çeşmeler onuň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda «Atletiko Madrid» toparyna garşy geçiriljek iki duşuşygy hem goýberjekdigini belleýär.
Bu ýagdaý «Barselona» üçin uly ýitgi bolup durýar, sebäbi topar şol bir wagtda hem Ispaniýanyň çempionatynda, hem-de Çempionlar ligasynda möhüm netijeler ugrunda göreş alyp barýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


