Ligue 1. "Lans" - "PSŽ" duşuşygy başga güne geçirildi
Fransiýanyň çempionatynda meýilleşdirilen «Lans» bilen «Pari Sen-Žermen» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk başga güne geçirildi. Ilki 11-nji aprelde geçirilmegi göz öňünde tutulan oýun indi 13-nji maýa süýşürildi.

Bu çözgüt Fransiýanyň ýokary ligasy tarapyndan kabul edildi. Şeýlelikde, «Pari Sen-Žermen» toparyna «Liwerpul» bilen geçiriljek Çempionlar ligasynyň çärýek final duşuşyklaryna taýýarlyk görmek üçin goşmaça wagt döredildi. Parižliler bu garşydaş bilen 7-nji we 14-nji aprelde duşuşar.

Duşuşygy süýşürmek baradaky teklip ilki «Pari Sen-Žermen» tarapyndan öňe sürüldi, emma «Lans» bu teklibe garşy çykdy. Muňa garamazdan, liganyň ýolbaşçylary ahyrky karary özbaşdak kabul etdi.
«Lans» topary resmi beýannama bilen çykyş edip, bu çözgüt bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy, emma şol bir wagtyň özünde sport taýdan göreşi dowam etdirjekdigini belledi.
Öz gezeginde «Pari Sen-Žermen» garşydaşynyň bu çözgüdini tankytlap, olaryň fransuz futbolynyň ösüşine goşant goşmak islemeýändigini aýtdy. Pariž topary Ýewropa reýtinginde öňe çykmak ugrunda göreşýändigini we munuň ähli fransuz toparlary üçin peýdaly boljakdygyny nygtady.
Şeýle-de, diňe bu duşuşyk däl, eýsem Ýewropa ýaryşlaryna gatnaşýan beýleki toparlaryň oýunlarynda hem üýtgeşmeler boldy. Hususan-da, «Strasbur» toparynyň duşuşygy hem başga güne geçirildi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


