La Liga. "Real" Mbappeniň nädogry dyzyny barlapdyrmy?
«Real Madrid» toparynyň lukmançylyk ştaby bilen baglanyşykly geň galdyryjy maglumatlar ýüze çykdy – Kilian Mbappeniň şikesi boýunça barlaglaryň nädogry geçirilendigi aýdylýar.

Žurnalistler Migel Anhel Dias we Diego Riolo tarapyndan berlen habara görä, madridlileriň lukmanlary futbolçynyň meseleli çep dyzynyň ýerine sag dyzyny barlapdyr. Bu maglumat ilki başda ynandyryjy ýaly görünmese-de, ýokary derejeli çeşmeler tarapyndan ýaýradylmagy we "The Athletic" tarapyndan hem tassyklanmagy bu ýagdaýyň çynlakaýdygyny görkezýär.
Şeýle-de bolsa, käbir garşylykly maglumatlar hem bar. «Realyň» resmi lukmançylyk hasabatlarynda Mbappeniň hut çep dyzynda meseläniň bardygy görkezilýär. Ilkinji maglumatlar 31-nji dekabrda peýda bolan hem bolsa, futbolçynyň şikesi 7-nji dekabrda başlanandygy aýdylýar. Şeýle hem Mbappeniň özi haýsy dyzynyň agyrýandygyny anyk bilýärdi, şonuň üçin MRT barlagynyň iki dyzda hem geçirilmegi mümkin diýen çaklamalar öňe sürülýär.
Bir aý ozal Mbappe goşmaça barlag üçin Pariže gidipdi. Futbolçynyň öz sözlerine görä, şol ýerde oňa dogry diagnoz goýlup, şikesiň çynlakaý däldigi barada köşeşdirilipdir. Emma bu sözleriň resmi çeşmelerde doly tassyklanmandygy hem bellenilýär.
Şeýle-de žurnalist Dias lukmanlar toparynyň doly işden çykarylandygyny habar berse-de, bu maglumat doly tassyk tapmady. Ýöne 2023-nji ýylda wezipesinden çetleşdirilen Niko Mihiçiň ýanwar aýynda gaýtadan baş lukman hökmünde işe dolandygy aýdylýar.
Häzirki wagtda bu ýagdaý boýunça anyk netijä gelinmedi – kimiň hakly, kimiň günäkärdigi açyk galýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


