La Liga. "Realyň" Winisius bilen şertnamany uzaltmak meýli
Madridiň «Real Madrid» topary esasy ýyldyzlarynyň biri bolan Winisius Žunior bilen baglanyşykly geljek meýilnamalarynyň üstünde iş alyp barýar.

Meşhur žurnalist Fabrizio Romano tarapyndan berlen maglumata görä, «Real Madridiň» ýolbaşçylary braziliýaly hüjümçi bilen şertnamany uzaltmagy maksat edinýär. Topar futbolçynyň goşandyna ýokary baha berýär, hatda prezident Florentino Peres hem onuň toparda galmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýär.
Häzirki wagtda taraplaryň arasynda gepleşikler dowam edýär we soňky çözgüt esasan Winisiusyň özüne bagly bolup galýar.
Winisius Žunior 2018-nji ýyldan bäri «Realda» çykyş edýär we wagtyň geçmegi bilen toparyň esasy oýunçylarynyň birine öwrüldi. Ol häzirki möwsümde ähli ýaryşlarda jemi 43 duşuşykda meýdança çykyp, 17 gol geçirdi we 12 asist berdi.
Onuň soňky duşuşygy La Liganyň 29-njy tapgyrynda «Atletiko Madrid» toparyna garşy boldy. Şol oýunda Winisius dubl edip, toparynyň 3:2 hasabyndaky ýeňşine uly goşant goşdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


