La Liga. "Real" bilen "Atletiko Madridiň" derbisi: Madridde esasy duşuşyk

23-nji marta geçilýän gije «Real Madrid» öz meýdançasynda «Atletiko Madrid» toparyny kabul eder. Bu duşuşyk La Liganyň 29-njy tapgyrynyň esasy oýny bolar.

«Real Madrid» soňky tapgyrda «Elçe» toparyny 4:1 hasabynda ýeňip, häzirki wagtda 66 utuk bilen ýaryş tertibinde 2-nji orunda ýerleşýär.

«Atletiko Madrid» hem soňky oýnunda «Hetafe» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Häzirki wagtda topar 57 utuk bilen 3-nji orny eýeleýär.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da başlanar.