"Arsenal" bilen "Mançester Sitiniň" arasynda final: kubok üçin esasy söweş

22-nji martda Angliýanyň Ligasynyň kubogynyň finalynda «Arsenal» bilen «Mançester Siti» toparlary duşuşar. Oýun meşhur "Uembli" stadionynda geçiriler.

«Arsenal» finala «Çelsi» bilen bolan iki duşuşyk esasynda çykdy — ilki myhmançylykda 3:2 ýeňiş gazanyp, soň öz meýdançasynda 1:0 hasabynda üstün çykdy.

«Mançester Siti» bolsa ýarym finalda «Nýukasl» toparyndan ynamly geçdi — ilki 2:0, soň bolsa 3:1 hasaplarynda ýeňiş gazandy.

Final duşuşygy Aşgabat wagty bilen sagat 21:30-da başlanar.