APL. "Mançester Ýunaýted" şikaýat taýýarlaýar
«Mançester Ýunaýted» topary ýerli eminler guramasy PGMOL-a we onuň ýolbaşçysy Goward Uebbe resmi şikaýat bermäge taýýarlanýar.

Sebäp «Bornmut» bilen geçirilen oýunda jedelli çözgütler boldy. Duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy, emma topar aýratyn-da ikinji ýarymda Amad Diallonyň jerime meýdançasynda ýykylan pursatynda penalti berilmändigine nägile boldy. Şol pursatda garşylyklaýyn hüjümde «Bornmut» hasaby deňledi.

Mundan başga-da ýagdaý Garri Maguaýeriň gyzyl kart alyp meýdandan çykarylmagy we şuňa meňzeş ýagdaý üçin garşydaşyň peýdasyna penalti bellenmegi bilen has-da dartgynlaşdy. Şeýle-de «Mançester Ýunaýted» oýna goşulan 9 minutlyk goşmaça wagtyň sebäbini hem düşündirmegi talap edýär.

Toparyň sport direktory Jeýson Uilkoks bu mesele boýunça göni Goward Uebb bilen gepleşik geçirer diýlip habar berilýär.
Toparyň kapitany Brunu Fernandeş hem ýagdaý barada pikirini aýtdy: "Bir oýunda bir topara iki penalti bermek kyndygyny düşünýärin, ýöne bir ýagdaý penalti bolsa, beýlekisi näme üçin däl? Amada garşy edilen düzgün bozma — bu penalti".
.jpeg)
Ol şeýle hem "VAR"-yň karary barada: «Men düşünemok, näme üçin "VAR" goşulmady. Ýa iki penalti bolmaly, ýa-da hiç biri" diýdi.
Baş tälimçi Maýkl Kerrik hem eminleriň kararlaryny tankytlap: "Eger bir ýagdaý penalti bolsa, onda beýlekisi hem bolmaly. Men hiç zada düşünemok" diýip belledi.

«Mançester Ýunaýted» bu ýagdaý sebäpli möhüm utuklary ýitirendigini we bu ýagdaýyň Çempionlar ligasyna çykmak ugrunda göreşe täsir eder diýip hasaplaýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


