Bundesliga. "Wolfsburgyň" çökgünligi: topar pese düşmek howpunda
«Wolfsburg» topary soňky ýyllarda iň agyr möwsümleriniň birini başdan geçirýär. 10 ýyl mundan ozal olar Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda «Real Madrid» bilen oýnady, häzir bolsa Bundesligada pese düşmek zolagynda.

«Wolfsburg» 26 tapgyrdan soň bary-ýogy 21 utuk toplap, ýaryşyň 17-nji ornunda barýar. Bu görkeziji toparyň taryhyndaky iň erbet netijedir. Şeýle hem topar 56 gol geçirtdi — bu bolsa diňe «Haýdenhaýmden» gowşak. Mundan başga-da, topar soňky 9 duşuşykda ýeňiş gazanyp bilmedi.
Toparyň häzirki ýagdaýynyň esasy sebäpleriniň biri dolandyryş derejesindäki durnuksyzlyk boldy. Möwsümiň dowamynda «Wolfsburg» eýýäm üç gezek baş tälimçisini çalyşdy. Olaryň biri bary-ýogy 10 oýunda topary dolandyrdy.
Şeýle hem sport direktory Peter Kristiansen wezipesinden gitdi. Topar maliýe taýdan hem kynçylyk çekýär — "Volkswagen»" kompaniýasynyň girdejisiniň peselmegi sebäpli maliýeleşdiriş 44% azaldyldy.
«Wolfsburgda» şikesler hem uly mesele bolup durýar — häzirki wagtda 10-a golaý futbolçy şikesli. Transferler hem garaşylan netijäni bermedi. Hatda tejribeli Kristian Eriksen hem ýagdaýy üýtgedip bilmedi — ol 23 oýunda 2 gol we 6 asist bilen çäklenýär.
Soňky şowsuzlyklardan soň janköýerleriň nägileligi artdy. Nobatdaky ýeňlişden soň olar meýdança faýerler taşlap, "Goldaw ýatyrylýar" diýen ýazgy bilen çykyş etdiler.
«Wolfsburg» häzirki ýagdaýynda Bundesligadan pese düşmek howpy bilen ýüzbe-ýüz. Bu ýagdaý amala aşsa, topar üçin soňky 28 ýylda ilkinji gezek şeýle netije bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


