La Liga. Waldewerde möwsümiň ahyrynda "Atletigi" terk eder
Bilbaonyň «Atletik» toparynyň baş tälimçisi Ernesto Waldewerde 2025/2026 möwsüminiň ahyrynda wezipesinden gitjekdigini resmi taýdan mälim etdi.

Tejribeli hünärmen bu kararyň topar bilen bilelikde kabul edilendigini aýtdy: "Bu meniň gelen netijäm we topar bilen ylalaşylan karar. Öňümizde ýene dokuz duşuşyk bar, biz heniz köp zady gazanyp bileris" diýip, Waldewerde belleýär.
Ernesto Waldewerde «Atletik» toparynyň baş tälimçisi hökmünde üçünji gezek işleýär. Ol öň hem 2003–2005 we 2013–2017 ýyllarda topara ýolbaşçylyk edipdi, soňra bolsa 2022-nji ýylda gaýdyp geldi.
Häzirki wagtda «Atletik» Ispaniýanyň çempionatynyň ýaryş tertibinde 10-njy orny eýeleýär. Topar indiki duşuşygyny 22-nji martda öz meýdançasynda «Betisa» garşy geçirer.
Şeýle-de, topara ýakyn çeşmeleriň maglumatlaryna görä, «Atletik» täze baş tälimçi wezipesi üçin birnäçe dalaşgäri göz öňünde tutýar. Olaryň arasynda Andoni Iraola, Inigo Peres we Maurisio Poçettino bar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


