Ligue 1. "PSŽ"-niň derwezebany gitmek isleýär, "Tottenhem" gyzyklanýar
Fransiýanyň «PSŽ» toparynyň derwezebany Lukas Şewalýe tomusky transfer penjiresinde topary terk etmek isleýändigini ýolbaşçylyga habar berdi. Bu barada "L’Equipe" neşiri maglumat berdi.

Fransuz derwezebany bu möwsümde oýun wagtynyň az berilmeginden nägile bolup, esasy düzüm ugrundaky göreşde «PSŽ»-da Matweý Safonowa utuldy. Häzirki wagtda toparyň baş tälimçisi Luis Enrike ony ilkinji saýlaw hökmünde görýär.
Şol sebäpli 24 ýaşly derwezeban täze mümkinçilik gözleýär. Maglumata görä, Angliýanyň «Tottenhem» topary onuň ýagdaýyna ýakyndan gözegçilik edýär we mümkin bolan transfer üçin teklip taýýarlap başlady. Şewalýe hem Premýer-ligada öz güýjüni synap görmek isleýär, emma bu transferiň amala aşmagy «Tottenhemiň» Premýer-ligada galyp-galmajagyna bagly bolar.
Lukas Şewalýe «PSŽ»-a 2025-nji ýylyň awgustynda «Lill» toparyndan 40 million ýewro garşylygyna geçipdi. Ol häzirki möwsümde parižlileriň düzüminde 26 duşuşykda çykyş edip, 28 gol geçirdi we 10 oýunda derwezesini arassa saklamagy başardy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


