MLS. Indi möwsümler Ýewropanyň tertibine geçer
ABŞ-nyň we Kanadanyň esasy futbol çempionaty bolan MLS ýaryşynyň ýolbaşçylary möwsüm ulgamyny düýpgöter üýtgetmek kararyna geldi. Häzirki wagtda ýaz-güýz formatynda geçirilýän çempionat geljekde Ýewropa ligalaryna laýyklykda täze tertibe geçer.

Resmi maglumatlara görä, 2027-nji ýylda geçiş döwri hökmünde gysga möhletli ýörite möwsüm geçiriler. Fewraldan maý aýyna çenli dowam etjek bu "Sprint Season" döwründe her topar 14 duşuşyk geçirer. Oýunlar diňe öz konferensiýasynyň çäginde bolar: ýedi duşuşyk öýde, ýedi duşuşyk bolsa myhmançylykda.
Adaty möwsüm tamamlanandan soň, her konferensiýadan iň gowy sekiz topar pleý-off tapgyryna çykar. Bu tapgyr ýeke-ýekeden çykaryş ulgamynda geçiriler we ahyrynda Gündogar hem-de Günbatar konferensiýalarynyň çempionlary finalda duşuşar.
Bu gysga möwsüm diňe bir çempiony kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem halkara ýaryşlara gatnaşmaga hem täsir eder. Netijelere görä, 2028-nji ýylyň "CONCACAF" Çempionlar kubogyna we "Leagues Cup"-a gatnaşjak toparlar saýlanyp alnar.
Şeýle hem şol ýylyň tomsundan başlap MLS doly derejeli täze möwsüm ulgamyna geçer. 2027–2028 möwsümi iýul aýynda başlap, indiki ýylyň maý aýyna çenli dowam eder. Bu ulgam dünýäniň öňdebaryjy ligalary ýaly gurnalar.
Täze tertipde gyş arakesmesi hem göz öňünde tutulýar — dekabryň ortasyndan fewralyň başyna çenli çempionatda oýunlar geçirilmez. Şeýlelikde, "MLS" dünýä futbolynyň umumy ulgamyna has ýakynlaşmagy maksat edinýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


