UCL. Çärýek finala çykan toparlar

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşyklary güýçli we netijeli oýunlara baý boldy. Birnäçe topar ynamly çykyş edip, indiki tapgyra çykmagy başardy.

Ilkinji bolup «Barselona» topary öz meýdançasynda «Nýukasl» toparyny kabul etdi. Angliýada geçirilen ilkinji oýun 1:1 hasabynda tamamlanansoň, garşylaşyk uly gyzyklanma döredýärdi. Birinji ýarym dartgynly geçdi, «Nýukasl» iki gezek hasaby deňledi. Emma ikinji ýarymda «Barselona» garşydaşyny doly basyp aldy we duşuşygy 7:2 hasabynda ýeňiş bilen tamamlady. Robert Lewandowski dubl bilen tapawutlandy, derwezeçi Žoan Garsiýanyň şikes almagy sebäpli oýna Woýçeh Şensny goşulmaly boldy.

Başga bir duşuşykda «Bawariýa» topary «Atalanta» toparyny ýene-de ýeňdi. Ilkinji oýunda 6:1 hasabynda üstün çykan nemes topary, jogap duşuşygynda hem garşydaşyna mümkinçilik bermedi. Birinji ýarymda diňe penalti arkaly gol geçiren «Bawariýa», arakesmeden soň gysga wagtda birnäçe gol geçirip, garşydaşyny ýok etdi. Umumy hasap 10:2 bolup, «Bawariýa» çärýek finalda «Real Madrid» topary bilen duşuşar.

«Liwerpul» topary hem öz meýdançasynda «Galatasaraý» toparyny uly hasap bilen ýeňdi. Ilkinji oýunda 0:1 hasabynda utulan iňlis topary bu gezek güýçli çykyş etdi. Soboslaý hasaby açdy, soňra Ekitike, Grawenberh we Salah hem gol geçirdi. Netijede, «Liwerpul» 4:1 umumy hasap bilen indiki tapgyra çykdy we çärýek finalda «PSŽ» topary bilen duşuşar.

«Tottenhem» bilen «Atletiko» toparlarynyň duşuşygy hem gyzykly geçdi. Londonlylar iki gezek öňe geçse-de, madridliler her gezek jogap berdi. Duşuşykda «Tottenhem» ýeňiş gazansa-da, umumy hasap 7:5 bolup, çärýek finala «Atletiko» çykdy. Indi olar «Barselona» bilen duşuşar.

Çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary 7–8-nji aprelde, jogap oýunlary bolsa 14–15-nji aprelde geçiriler.

7-nji aprelden 8-nji aprele geçilýän gije sagat 00:00-da «Real Madrid» – «Bawariýa» hem-de «Sporting» – «Arsenal» duşuşyklary bolar.

8-nji aprelden 9-njy aprele geçilýän gije sagat 00:00-da bolsa «PSŽ» – «Liwerpul» we «Barselona» – «Atletiko Madrid» toparlary duşuşar.