UCL. "Sporting" taryhy kambek etdi, "Real" bolsa ynamly dowam etdi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşyklarynyň ikinji güni futbol janköýerlerine ýatdan çykmajak gijäni sowgat etdi. Käbir toparlar taryhy kambek etdi, beýlekiler bolsa öz artykmaçlygyny ynamly saklap, indiki tapgyra çykdy.

Lissabonda «Sporting» topary ajaýyp kambek edip, «Bude-Glimt» toparyny ýaryşdan çykardy. Ilkinji oýunda 0:3 utulan portugaliýaly topar öz meýdançasynda güýçli oýun görkezdi. Inasiu hasaby açdy, Gonsalweş ikinji goly geçirdi, soňra Luis Suares penalti bilen umumy hasaby deňledi. Goşmaça ýarymda bolsa Arauho we Nel gol geçirip, «Sporting» 5:3 hasabynda taryhy ýeňiş gazandy.

Londonda «Arsenal» topary «Baýera» garşy ynamly çykyş etdi. Birinji ýarymda Ebereçi Eze hasaby açdy, ikinji ýarymda bolsa Deklan Raýs tapawudy artdyrdy. Duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy we iki oýnuň jeminde «Arsenal» 3:1 hasabynda çärýek finala çykdy. Indi olar «Sporting» bilen duşuşar.

«PSŽ» bilen «Çelsiniň» arasyndaky garşylaşykda hem hemme zat diýen ýaly öňünden belli boldy. Parižde 5:2 hasabynda ýeňiş gazanan fransuz topary jogap oýnunda hem güýçlüdigini subut etdi. Hwiça Kwarasheliýa, Bredli Barkola we Senni Malýulu gol geçirip, «PSŽ» indiki tapgyra ynamly geçdi. Olar indiki tapgyrda «Galatasaraý» — «Liwerpul» jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar.

«Mançester Siti» bilen «Realyň» arasyndaky duşuşyk gijäniň iň dartgynly oýny boldy. Ilkinji oýunda 0:3 utulan iňlis topary duşuşygyň başynda gyzyl kart aldy — Bernardu Silwa meýdançadan çykaryldy. Wini­sius penalti bilen hasaby açdy, emma Holand tiz wagtda deňledi. Ikinji ýarymda «Siti» iki gol geçirse-de, olar hasaba alynmady. Ahyrynda Wini­sius ýene bir gol geçirip, «Reala» ýeňiş getirdi. Madrid topary çärýek finalda «Bawariýa» — «Atalanta» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.