UCL. "Real" Mbappe, Bellingem we Karreras bilen Mançestere geldi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyndaky jogap duşuşygy üçin «Real» topary birnäçe möhüm futbolçy bilen Mançestere geldi.

Habarlara görä, Kilian Mbappe, Jud Bellingem hem-de Alwaro Karreras şikesden soň sagalyp, «Realyň» düzümine gaýdyp geldi we topar bilen bilelikde «Mançester Siti» garşy jogap duşuşygyna gatnaşmak üçin Mançestere bardy.

Bu üç futbolçy soňky döwürde şikes sebäpli oýnamandy we dikeldiş döwrüni geçirýärdi. Indi olar möhüm duşuşygyň öňüsyrasynda «Realyň» düzümine gaýtadan goşuldy.

«Mançester Siti» bilen «Realyň» arasyndaky Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy 17-nji martdan 18-nji marta geçilýän gije geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 01:00-da başlar.

Birnäçe gün öň Madridde geçirilen ilkinji duşuşykda «Real» 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazanypdy.