Futbol sanlarda: APL-de ýaş futbolçy rekord goýdy
Ýewropanyň esasy çempionatlarynda geçirilen soňky duşuşyklardan soň birnäçe gyzykly statistik maglumatlar ýüze çykdy.
Angliýanyň çempionatynda «Arsenal» toparynyň ýaş futbolçysy Maks Douman täze rekord goýdy. Ol «Ewertona» garşy duşuşykda 16 ýaş 73 güni dolanda gol geçirip, Angliýanyň çempionatynyň taryhynda iň ýaş gol geçiren oýunçy boldy. Şeýle hem, «Arsenalyň» derwezeçisi Dawid Raýa häzirki möwsümde Ýewropanyň iň güýçli çempionatlarynda 20 duşuşygy gol goýbermän tamamlan ilkinji derwezeçi boldy.
Ispaniýanyň çempionatynda «Barselona» üçin täsin statistika dowam edýär. «Barselona» soňky gezek öz meýdançasynda «Sewilýa» garşy 2002-nji ýylda ýeňlipdi. Şondan bäri katalon topary bu garşydaş bilen öý oýunlarynda 20 ýeňiş gazandy we 3 duşuşygy deňlik bilen tamamlady.
Italiýanyň çempionatynda «Roma» üçin möwsüm kyn geçýär. «Komo» garşy alnan ýeňliş topar üçin häzirki möwsümde 10-njy ýeňliş boldy. Bu görkeziji «Roma» üçin 2012/13 möwsüminden bäri iň erbet netije hasaplanýar.
Germaniýanyň çempionatynda ýaş futbolçy Luka Rejani hem taryha girdi. Ol 18 ýaş 64 güni dolanda gol geçirip, soňky sekiz ýylyň dowamynda Italiýanyň çempionatyndan daşarda Ýewropanyň esasy ligalarynda gol geçiren iň ýaş italiýaly futbolçy boldy.
Fransiýanyň çempionatynda «Monako» toparynyň ýarymgoragçysy Aleksandr Golowin gowy görnüşini dowam etdirýär. Ol yzly-yzyna ikinji duşuşygynda gol geçirip, netijeli hereketleri bolan oýunlarynyň tapgyryny bäş duşuşyga ýetirdi. Bu onuň «Monakoda» çykyş edýän döwründäki iň gowy seriýasy boldy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


