La Liga. "Barselonanyň" prezidenti Laporta täzeden saýlandy

Kataloniýanyň meşhur topary «Barselona» täze prezident saýlawynyň netijelerini yglan etdi. Ses berlişigiň jemleri boýunça häzirki ýolbaşçy Žoan Laporta ýene-de klubyň prezidenti bolup saýlandy.

Saýlawyň netijesine görä, Laporta 68,18 göterim ses aldy. Onuň kandidaturasyny 32 934 saýlawçy goldady. Onuň esasy bäsdeşi Wiktor Font bolsa 14 385 ses toplap, 29,78 göterim görkeziji bilen ikinji ýerde galdy. Şeýle hem 984 býulleten boş galdy.

Şeýlelikde Laporta «Barselona» toparynyň prezidenti wezipesine üçünji gezek saýlandy. Ol öň bu wezipede 2003–2010-njy ýyllar aralygynda işledi, soňra bolsa 2021-nji ýylda ýene-de klubyň ýolbaşçysy boldy. Täze möhleti 1-nji iýuldan başlap, 2031-nji ýyla çenli dowam eder.

53 ýaşly Font üçin bu «Barselonanyň» prezident saýlawynda ikinji ýeňliş boldy. Ol 2021-nji ýylda geçirilen saýlawda hem Laportadan ýeňlipdi.

Bu aralykda «Barselona» topary halkara ýaryşlarda hem çykyşyny dowam etdirýär. Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda «Barselona» myhmançylykda «Nýukasl Ýunaýted» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk "Sent-Jeýms Park" stadionynda geçirildi.

Şeýle hem soňky tapgyrda «Barselona» Ispaniýanyň çempionatynda «Sewilýa» toparyny 5:2 hasabynda ýeňip, ýaryş tertibinde öňdeligini dowam etdirdi we «Realdan» 4 utuk öňe çykdy.

Saýlawdan soň Žoan Laporta klubyň agzalaryna ýüzlenip şeýle diýdi: "Ses berenleriň hemmesine sag bolsun aýdýaryn. Biz demokratik klub we agzalaryň köpüsiniň biziň işimize ynam bildirýändigine buýsanýaryn. Şeýle beýik kluby wekilçilik etmek biziň üçin uly hormatdyr. Tälimçimiz Flige, Deko, Boýan Krkiçe we bizi goldanlaryň hemmesine minnetdar".