APL. "Mançester Ýunaýted" üçünji ornuny berkitdi, Bruno rekord goýdy
Angliýanyň çempionatynyň 30-njy tapgyrynda «Mançester Ýunaýted» topary öz meýdançasyndaky "Old Trafford" stadionynda «Aston Willa» toparyny kabul etdi.
Duşuşygyň birinji ýarymynda toparlar gol geçirip bilmedi we arakesmä 0:0 hasaby bilen gitdi.
Ikinji ýarymda bolsa oýnuň ýagdaýy düýbünden üýtgedi. «Mançester Ýunaýted» yzly-yzyna üç gol geçirdi. Ilki bilen Kazemiro tapawutlandy. Soňra Mateus Kunýa hasaby artdyrdy. Ätiýaçlykdan meýdança çykan Benýamin Şeşko hem bir gol geçirip, «Mançester Ýunaýtediň» artykmaçlygyny berkitdi.
«Aston Willa» diňe bir gol bilen jogap berip bildi. Ross Barkli duşuşygyň dowamynda myhman toparyň ýeke-täk goluny geçirdi.
Şeýlelikde duşuşyk 3:1 hasabynda «Mançester Ýunaýtediň» ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýeňişden soň «Mançester Ýunaýted» 54 utuk toplap, Angliýanyň çempionatynda üçünji orny berkitdi. «Aston Willa» bolsa 51 utuk bilen dördünji ýerde ýerleşýär.

Duşuşykda «Mançester Ýunaýtediň» ýarymgoragçysy Bruno Fernandeş hem klubyň taryhynda täze rekord goýdy. Ol bu oýunda iki asist berip, häzirki möwsümde Angliýanyň çempionatynda jemi 16 asist toplady.
Şeýlelikde portugaliýaly futbolçy «Mançester Ýunaýtedde» 1999/2000 möwsüminde Dewid Bekham tarapyndan goýlan 15 asistlyk rekorddan öňe geçdi.

Mundan başga-da Bruno Fernandeş Angliýanyň çempionatynyň döwründe «Mançester Ýunaýtedde» ähli ýaryşlarda 100-den gowrak gol hem-de 100-den gowrak asist eden üçünji futbolçy boldy. Ondan öň şeýle görkezijä diňe Ueýn Runi hem-de Raýan Giggz ýetipdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


