La Liga. Gawi meýdança gaýdyp biler

Ispaniýanyň çempionatynda çykyş edýän «Barselona» topary ýarymgoragçy Gawiniň ýagdaýy barada resmi maglumat berdi. Klubyň habaryna görä, futbolçy lukmançylyk rugsadyny aldy we «Sewilýa» garşy geçiriljek duşuşykda meýdança çykmaga taýýar.

«Barselona» toparynyň beýanynda "Gawi lukmançylyk rugsadyny aldy we ýekşenbe güni «Sewilýa» garşy oýunda çykyş etmäge taýýar" diýlip bellenildi.

Gawi soňky gezek 23-nji awgustda meýdança çykypdy. Şondan soň dyz meselesi sebäpli operasiýa geçirildi we futbolçy uzak wagtlap dikeldiş döwrüni geçirdi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda geçirilen metbugat ýygnagynda «Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik hem Gawiniň ýagdaýy barada pikir aýtdy. Ol şeýle diýdi:

"Onuň oýna gatnaşyp biljekdigini anyk bilemok. Hä, biz eýýäm bu barada habar berdikmi? Men muňa gaty begenýärin. Ol meýdançada birnäçe minut çykyş edip biler diýip umyt edýärin. Türgenleşikde onuň çykyşyny gördüm we maňa ýarady. Emma onuň doly gaýdyp gelmegini howlukdyrmaly däl. Gawi bilen ädimme-ädim öňe gitmeli. Ol aňsat bolmadyk döwri başdan geçirdi, emma öňünde futbol oýnamak üçin köp ýyllar bar. Onuň ýene-de biziň bilen bolmagyna begenýärin. Bu oýun onuň üçin möhüm bolar".

«Barselona» bilen «Sewilýa» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 15-nji martda "Kamp Nou" stadionynda geçiriler. Duşuşygyň başlangyç jürlewigi Aşgabat wagty bilen 20:15-de ýaňlanar.