APL. "Arsenal" – "Siti" bilen arasyny açdy

Angliýanyň çempionatynyň 30-njy tapgyrynda «Arsenal» topary öz meýdançasyndaky "Emireýts" stadionynda «Ewerton» toparyny kabul etdi. London topary duşuşygyň dowamynda meýdançada artykmaçlyk gazansa-da, birinji ýarymda gol geçirmek başartmady. «Ewerton» hem garşy hüjümlerde howply pursatlar döredip, Dawid Raýanyň derwezesini birnäçe gezek howp astynda goýdy.

Birinji ýarym golsuz tamamlandy. Ikinji ýarymda hem oýnuň gidişi kän üýtgemedi: «Arsenal» hüjüm etdi, «Ewerton» bolsa tertipli gorag bilen garşylyk görkezdi.

Duşuşyk deňlik bilen tamamlanjak ýaly görünse-de, esasy wagtyň soňky minutynda Wiktor Dýokereş gol geçirip, «Arsenaly» öňe çykardy. Goşmaça wagtda bolsa ýaş futbolçy Maks Douman ýene bir gol geçirip, «Arsenalyň» ýeňşini berkidip goýdy.

Bu gol bilen 16 ýaşly Douman Angliýanyň çempionatynyň taryhyna girdi. Ol 16 ýaş 73 günlüginde gol geçirip, ýaryşyň iň ýaş gol geçiren futbolçysy boldy.

Bu ýeňişden soň «Arsenal» çempionatda öňdeligini has-da berkitdi. Häzirki wagtda «Arsenalyň» hasabynda 66 utuk bar.

Şol tapgyrda «Mançester Siti» topary myhmançylykda «West Hem» topary bilen duşuşdy. «Mançester Siti» üçin bu oýunda ýalňyşmaga ýer ýokdy, sebäbi «Arsenal» öz duşuşygynda ýeňiş gazanypdy.

Duşuşykda ilkinji goly 30-njy minutda Bernardu Silwa geçirip, «Mançester Sitini» öňe çykardy. Emma birnäçe minutdan soň garşydaş hasaby deňledi. Derwezeçi Janluiji Donnarummanyň ýalňyşlygyndan soň Konstantinos Mawropanos gol geçirip, hasaby deňledi.

Arakesmeden soň «Mançester Siti» ýeňiş üçin köp hüjüm etdi, emma top Mads Hermanseniň goraýan derwezesinden geçmedi. Netijede duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Şeýlelikde «Mançester Siti» lider «Arsenaldan» 9 utuk yzda barýar, emma olaryň heniz bir oýny artykmaç galýar. «West Hem» bolsa 29 utuk toplap, çempionatyň aşaky howp zolagyndan çykmagy başardy.