La Liga. "Realyň" ynamly ýeňşi: "Elçe" 4:1 hasabynda ýeňildi

Ispaniýanyň çempionatynyň 28-nji tapgyrynda «Real» topary öz meýdançasynda «Elçe» toparyny kabul etdi. Duşuşyk Madrid şäherindäki "Santýago Bernabeu" stadionynda geçirildi.

Duşuşyga işjeň başlan «Real» ilkinji goly birinji ýarymyň ahyrynda geçirdi. 39-njy minutda standart ýagdaýdan soň goragçy Antonio Rüdiger tapawutlanyp, «Realy» öňe çykardy.

Birinji ýarymyň soňlaryna golaý «Realyň» artykmaçlygy artdy. 45-nji minutda Federiko Walwerde gol geçirip, hasaby 2:0 etdi.

Arakesmeden soň hem «Real» hüjümlerini dowam etdirdi. 66-njy minutda Din Heýsen myhman toparyň derwezesine üçünji goly geçirdi.

Duşuşygyň soňlaryna golaý gyzykly ýagdaý boldy. 85-nji minutda «Realyň» goragçysy Anhel topy öz derwezesine geçirip, «Elçä» bir gol sowgat etdi.

Emma 89-njy minutda «Real» ýene bir gezek tapawutlandy. Bu gezek Arda Güler gol geçirip, duşuşygyň soňky netijesini kesgitledi.

Bu ýeňişden soň «Real» 66 utuk toplap, Ispaniýanyň çempionatynda öňdäki orunlar üçin göreşini dowam etdirýär. Häzirki wagtda 67 utuk bilen «Barselona» topary birinji ýerde barýar. «Barselona» 28-nji tapgyryndaky duşuşygyny 15-nji martda sagat 20:15-de «Sewilýa» topary bilen geçirer.

Indiki tapgyrda «Real» 23-nji martda Madrid derbisinde «Atletiko» topary bilen duşuşar.