UCL. "Realyň" het-trikleri rekord derejede
Ýewropanyň iň abraýly klublar ýaryşy bolan Çempionlar ligasynda «Real Madrid» topary ýene bir möhüm görkezijide öňdebaryjylygyny berkitdi. «Mançester Siti» toparyna garşy geçirilen oýunda Federiko Walwerde üç gol geçirip, het-trik etdi we bu görkeziji bilen «Realyň» rekordy berkidildi.
Häzirki wagtda «Realyň» Çempionlar ligasynyň pleý-off duşuşyklarynda jemi sekiz het-trigi bar. Bu görkeziji ýaryşyň taryhynda ähli toparlaryň arasynda iň ýokary netijedir.

Bu rekordyň ep-esli bölegi meşhur futbolçy Kriştianu Ronaldu bilen bagly. Ol «Realyň» düzüminde pleý-off tapgyrynda üç gezek het-trik etdi. Şeýle hem Karim Benzema iki gezek şeýle netijä ýetdi. Dürli ýyllarda bolsa Federiko Walwerde, Kilian Mbappe hem-de braziliýaly Ronaldo hem «Realyň» düzüminde het-trik eden oýunçylaryň hataryna girdi.
Bu sanawda «Reala» iň golaý toparlar hökmünde «Ýuwentus», «Borussiýa Dortmund» hem-de «Bawariýa» görkezilýär. Bu toparlaryň hersiniň pleý-off tapgyrynda üç het-trigi bar. «Barselona» toparynyň bolsa iki het-trigi bar we olaryň ikisi hem Lionel Messi tarapyndan geçirildi.
«Mançester Siti» bilen «Realyň» arasyndaky jogap duşuşygy 18 martda geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


