LP. "Benfika" ýeňlişsiz hem çempion bolman biler
Portugaliýanyň çempionatynda «Benfika» topary şu wagta çenli ýekeje-de ýeňliş çekmedi. Şeýle bolsa-da, «Benfika» ýaryş tertibinde «Portu» toparyndan 7 utuk yzda barýar. Şol sebäpli bilermenler olaryň çempion bolmak mümkinçiligini bary-ýogy 6 göterim diýip hasaplaýar.
Gyzykly tarapy, şoňa meňzeş ýagdaý taryhda eýýäm bolup geçipdi. 1978-nji ýylda hem «Benfika» möwsümi ýeňlişsiz tamamlasa-da, çempionlyk adyny «Portu» toparyna gol tapawudy boýunça ugratmaly bolupdy.
Şeýle ýagdaý başga ýurtlaryň çempionatlarynda hem bolupdy. 1978/79 möwsüminde Italiýanyň çempionatynda «Peruja» topary bir gezek hem ýeňilmedi. Emma 30 tapgyrda 19 duşuşygy deňlik bilen tamamlandygy sebäpli topar diňe ikinji orny eýeledi. Şol möwsümde çempionlyk «Milan» toparyna nesip etdi.
1977-nji ýylda Braziliýanyň çempionatynda bolsa has geň ýagdaý ýüze çykdy. «Atletiko Mineýro» hem-de «Botafogo» toparlary möwsümde ýeňlişsiz çykyş etdi, emma ýaryşyň çylşyrymly düzgüni sebäpli çempion bolup bilmedi. Üç toparçalaýyn tapgyrdan hem-de pleý-offdan ybarat bolan ulgamda çempionlyk ahyrynda «San-Paulu» toparyna nesip etdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


