APL. Iň gowulary "Mançester Sita" gowşuryldy
Angliýanyň çempionatynda «Mançester Siti» toparynyň baş tälimçisi Pep Gwardiola fewral aýynyň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi.

Fewral aýynda «Mançester Siti» Angliýanyň çempionatynda bäş duşuşyk geçirdi. Şol oýunlaryň dördüsinde ýeňiş gazanan «Mançester Siti» myhmançylykda «Liwerpuly» ýeňmegi hem-de öz meýdançasynda «Nýukasla» garşy gazanylan ynamly ýeňşi bilen aýratyn tapawutlandy.
Bu baýrak Gwardiolanyň «Mançester Siti» bilen işlän döwründe Angliýanyň çempionatynda gazanan 12-nji aýyň iň gowy tälimçisi baýragy boldy. Şeýlelikde, ol bu görkeziji boýunça Ýurgen Klopp bilen Dewid Moýesi yzda galdyryp, çempionatyň taryhynda iň köp şeýle baýrak alan tälimçileriň ilkinji üçlügine girdi.
Bu sanawda Gwardioladan öňde diňe meşhur tälimçiler Ser Aleks Fergýuson 27 baýrak bilen hem-de Arsen Wenger 15 baýrak bilen öňde barýar.
Gyzykly tarapy, Gwardiola soňky gezek bu baýragy 2021-nji ýylyň dekabrynda alypdy. Şondan bäri geçen döwürde başga birnäçe tälimçi has köp baýrak gazandy.
2021-nji ýylyň dekabryndan bäri iň köp aýyň iň gowy tälimçisi baýragyny alan tälimçiler şeýle: Mikel Arteta 6 gezek, Erik ten Hag 3 gezek, Enj Postekoglu 3 gezek, Unai Emeri 3 gezek hem-de Nunu Eşpiritu Santu 3 gezek.
Şeýle-de bolsa şol döwürde «Mançester Siti» Gwardiolanyň ýolbaşçylygynda üç gezek Angliýanyň çempionatynyň çempiony boldy. Şolaryň ikisinde ol aýyň baýragyny hiç almandy.
Fewral aýynyň iň gowy futbolçysy baýragy hem «Mançester Siti» toparynyň oýunçysyna gowşuryldy. Bu baýraga hüjümçi Antuan Semenýo mynasyp boldy.

Fewralda «Mançester Sitiniň» düzüminde bäş duşuşykda meýdança çykan Semenýo üç gol geçirip, bir asist berdi. 26 ýaşly futbolçy üçin bu Angliýanyň çempionatynda aýyň iň gowy futbolçysy baýragynyň karýerasyndaky ilkinji gazanylyşy boldy. Ol «Mançester Sitiniň» düzümine geçen gyşky transfer döwründe «Bornmut» toparyndan goşulypdy.
2025/2026 möwsüminde Angliýanyň çempionatynda aýyň iň gowy futbolçysy bolan oýunçylar şeýle: Jek Griliş awgustda, Erling Holand sentýabrda, Braýan Mbeumo oktýabrda, Igor Týago noýabrda, Dominik Kalwert-Lýuin dekabrda, Igor Týago ýanwarda we indi fewralda Antuan Semenýo.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


