2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda täze düzgünler ulanylar

Halkara Futbol federasiýasy FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda ulanyljak birnäçe täze düzgüni tassyklady. Bu üýtgeşmeler oýun wagtyny biderek uzaltmagy azaltmaga hem-de eminleriň kabul edýän çözgütleriniň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Täze talaplara görä, çalşylýan futbolçy meýdançany 10 sekundyň dowamynda terk etmeli. Eger oýunçy wagty bilkastlaýyn uzaldsa, onuň ýerine meýdança çykjak futbolçy diňe bir minut geçenden soň oýna goşulyp biler.

Üýtgeşmeler gapdaldan top oýna girizilmegine hem degişli boldy. Indi bu ýagdaý üçin iň köp bäş sekund wagt berilýär. Eger futbolçy gijä goýsa, top garşydaş tarapa berler.

Mundan başga-da meýdançada lukmançylyk kömegi berlen oýunçy derrew oýna dowam edip bilmez. Şeýle futbolçy iň az bir minut meýdançadan daşarda bolmaly, diňe şondan soň oýna gaýdyp biler.

Täze düzgünleriň ýene biri eminlere kömek edýän wideo gözegçilik ulgamyna degişli. Indi bu ulgam ikinji sary kart bilen bagly ýagdaýlary hem-de burç urgusynyň bellenmegi ýaly pursatlary täzeden barlap biler. Eger eminiň açyk ýalňyşlygy ýüze çyksa, çözgüt üýtgedilip bilner.