"Benfikanyň" tälimçisi Mourinýu iki oýny sypdyrar

Portugaliýanyň çempionatynda «Portu» bilen geçirilen duşuşykdan soň «Benfika» klubynyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu iki oýna gatnaşyp bilmez. Portugaliýanyň Futbol federasiýasynyň tertip-düzgün komiteti 63 ýaşly hünärmene garşy iki dürli jeza çykardy.

Ilkinji ýagdaý duşuşygyň soňky minutlarynda bolup geçdi. 2:2 hasabynda tamamlanan oýnuň ahyrynda «Benfikanyň» goluny baýram edýän wagty Mourinýu tehniki zolagyndan çykyp, topy «Portunyň» ätiýaçdaky oýunçylarynyň oturgyjynyň tarapyna depdi. Şondan soň baş emin tälimçä gyzyl kart görkezdi. Mourinýu bolsa soňra özüniň topy tribuna tarap ugratmak isleýändigini aýtdy.

Şol ýagdaý sebäpli tälimçi bir oýunlyk çetleşdirme aldy. Mundan başga-da, «Portunyň» baş tälimçisiniň kömekçisi Luço Gonsales bilen bolan söz dartgynlygy sebäpli oňa goşmaça 11 günlük çetleşdirme berildi.

Netijede Mourinýu Portugaliýanyň çempionatynda «Aroka» bilen geçiriljek duşuşygy sypdyrar. Şeýle hem, 21 martda «Benfika» – «Witoriýa» bilen oýnanda toparyna ýolbaşçylyk edip bilmez. Portugaliýanyň metbugatynyň maglumatyna görä, bu iki jeza bir wagtda ýerine ýetirilmeýär.

«Benfika» bolsa eýýäm tertip-düzgün komitetiniň bu kararyna garşy şikaýat etjekdigini mälim etdi. Klub tälimçä berlen jezany "adalatsyz we esassyz" diýip atlandyrdy.

Habarlara görä, dawa Mourinýunyň Gonsalese ýüzlenip, başam barmagy bilen görkeziji barmagynyň arasynda kiçi aralygy görkezýän hereket edip birnäçe gezek "sen kiçi" diýen sözleri aýdanyndan soň başlapdyr. Muňa jogap hökmünde «Portunyň» kömekçi tälimçisi 2004-nji ýylda «Portu» bilen Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanan hünärmeni "dönük" diýip atlandyrypdyr.