UCL. Birnäçe toparyň 1/4 finala çykmak ähtimallygy ýokarlandy
UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyryndaky ilkinji duşuşyklardan soň birnäçe toparyň indiki tapgyra çykmak ähtimallygy ep-esli ýokarlandy. Bu barada "Score90" portaly habar berýär.
«Real Madrid» topary «Mançester Siti» toparyny 3:0 hasabynda ýeňenden soň, olaryň çärýek finala çykmak ähtimallygy 28 göterimden 83 göterime çenli ýokarlandy. Şeýlelikde «Mançester Siti» toparynyň indiki tapgyra çykmak mümkinçiligi 17 göterim bolup galdy.

Şeýle ýagdaý «PSŽ» topary üçin hem hasaba alyndy. Pariž topary ilkinji duşuşykda «Çelsi» toparyny 5:2 hasabynda ýeňenden soň, olaryň 1/4 finala çykmak ähtimallygy 48 göterimden 91 göterime çenli ýokarlandy.
Norwegiýanyň «Bude-Glimt» topary hem «Sporting» toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, indiki tapgyra çykmak mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrdy. Häzirki wagtda olaryň ähtimallygy 79 göterim hökmünde görkezilýär.

«Arsenal» topary ilkinji duşuşykda «Baýer» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnasa-da, jübütde esasy dalaşgär bolup galýar. Londonly toparyň çärýek finala çykmak ähtimallygy 84 göterim diýlip görkezilýär.
Şeýle-de «Barselona» ilkinji duşuşykda «Nýukasl» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Muňa garamazdan katalon toparynyň indiki tapgyra çykmak mümkinçiligi 71 göterimden 73 göterime çenli ýokarlandy.

«Liwerpul» topary bolsa «Galatasaraý» bilen geçirilen ilkinji duşuşykda 0:1 hasabynda ýeňildi. Şeýle-de bolsa olaryň indiki tapgyra çykmak ähtimallygy 83 göterimden 61 göterime çenli peselse-de, topar henizem jübütde esasy dalaşgärleriň biri bolup galýar.

Şol bir wagtda «Atletiko Madrid» we «Bawariýa» toparlarynyň mümkinçilikleri has ýokary diýlip bahalandyrylýar. «Atletiko Madrid» ilkinji duşuşykda «Tottenhem» toparyny 5:2 hasabynda ýeňenden soň, olaryň çärýek finala çykmak ähtimallygy 95 göterime ýetdi. «Bawariýa» topary bolsa «Atalanta» toparyny 6:1 hasabynda ýeňip, indiki tapgyra çykmak mümkinçiligini 99 göterime çenli ýokarlandyrdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


