Futbol sanlarda: Çempionlar ligasynyň soňky oýunlary birnäçe gyzykly statistikany getirdi
UEFA Çempionlar ligasynyň soňky duşuşyklaryndan soň birnäçe täsirli statistiki maglumatlar hasaba alyndy.
«Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holand bu ýaryşdaky duşuşyklaryň birinde derwezä ýekeje urgy hem ýerine ýetirip bilmedi. Bu ýagdaý onuň karýerasynda diňe ikinji gezek bolup, öňki şeýle ýagdaý 2019/20 möwsüminde bolupdy.
«Barselona» topary Çempionlar ligasynda yzly-yzyna 12 duşuşykda gol goýberip, toparyň taryhyndaky iň erbet görkezijini gaýtalady.
Norwegiýanyň «Bude-Glimt» topary bolsa Çempionlar ligasynda yzly-yzyna bäş ýeňiş gazanan ýokary ligalardan däl toparlaryň biri boldy. Mundan öň şeýle üstünlik «Portu», «Şahtýor», «Aýaks», «Zenit» we «Spartak» toparlaryna başardypdy.
«Liwerpul» toparynyň hüjümçisi Mohammed Salah Çempionlar ligasynda toparynyň düzüminde iň köp duşuşyk geçiren futbolça öwrüldi. Ol bu görkeziji boýunça 81 duşuşyk bilen Jeými Karragerden öňe geçdi.
Angliýanyň «Nýukasl» topary taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda çykyş etdi.
«Real Madrid» – «Mançester Siti» duşuşygynda Federiko Walwerde üç gol geçirdi. Şeýlelikde ol öňki 75 duşuşykdaky gol sanyna diňe bir oýunda ýetdi.
Şol duşuşykda «Real Madrid» toparynyň hüjümçisi Winisius Žunior Çempionlar ligasynda eden asistleriniň sany boýunça Kriştianu Ronaldunyň rekordyna ýetdi. Braziliýaly futbolçy häzirki wagtda toparynyň düzüminde bu ýaryşda 31 asist bilen öňdäki orny paýlaşýar.
«Tottenhem» toparynyň baş tälimçisi Igor Tudor toparyň taryhynda ilkinji dört duşuşygyny ýeňliş bilen başlan ilkinji tälimçi boldy. Şeýle-de «Atletiko» toparyndan 2:5 hasabyndaky ýeňliş londonly topar üçin yzly-yzyna altynjy ýeňlişe öwrüldi. Mundan başga-da «Tottenhem» geçen möwsümiň başyndan bäri ähli ýaryşlarda 45 ýeňliş bilen ýokary ligalaryň arasynda iň erbet görkezijä eýe.
«Aston Willa» toparynyň baş tälimçisi Unaý Emeri topar bilen 181 duşuşykda 100 ýeňiş gazanyp, toparyň taryhyndaky iň gowy netijäni görkezdi.
Italiýanyň «Bolonýa» topary häzirki wagtda Ýewropa ýaryşlarynda 10 duşuşyk bäri ýeňilmän gelýär. Bu döwürde topar 6 ýeňiş gazanyp, 4 gezek deňme-deň oýnady we bu görkeziji toparyň taryhyndaky iň gowy netijesine öwrüldi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


