UECL. 1/8 finalyň ilkinji duşuşyklary geçirildi
UEFA Konferensiýa ligasynyň 1/8 final tapgyrynda ilkinji duşuşyklar 12-nji martda we 13-nji marta geçilýän gije geçirildi. Bu oýunlarda birnäçe topar jogap duşuşyklaryndan öň möhüm artykmaçlyk gazandy.
Agşamyň iň netijeli duşuşyklarynyň biri Polşada geçirildi. Bu ýerde «Leh» topary öz meýdançasynda Donetsk şäheriniň «Şahtýor» toparyny kabul etdi. Duşuşyk myhman toparyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy we ukrain topary jogap duşuşygyndan öň möhüm artykmaçlyk gazandy.
Ispaniýanyň «Raýo Walýekano» topary hem myhmançylykda ynamly ýeňiş gazanyp, Türkiýäniň «Samsunspor» toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.
Günüň iň uly hasaply ýeňşi «Tselýe» – «AEK» duşuşygynda hasaba alyndy. Bu oýunda grek topary garşydaşyny 4:0 hasabynda ýeňip, indiki tapgyra çykmak üçin örän amatly ýagdaý gazandy.
Şeýle-de iki duşuşykda gol geçirilmedi. Angliýanyň «Kristal Pelas» topary «AEK Larnaka» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Çehiýanyň «Sigma Olomouts» topary bilen Germaniýanyň «Maýns» toparynyň arasyndaky duşuşyk hem şol bir hasap bilen tamamlandy.
Ähli duşuşyklaryň netijeleri:

Bu jübütleriň jogap duşuşyklary 20-nji martda geçiriler.
Konferensiýa ligasynyň häzirki eýesi Angliýanyň «Çelsi» topary bolup, geçen möwsümiň finalynda Ispaniýanyň «Betis» toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykypdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


