UEL. 1/8 finalyň ilkinji duşuşyklary geçirildi

UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynda ilkinji duşuşyklar 12-nji martda we 13-nji marta geçilýän gije geçirildi. Bu oýunlarda birnäçe gyzykly garşylyklar bolup, käbir toparlar jogap duşuşyklaryndan öň möhüm artykmaçlyk gazandy.

Italiýada geçirilen «Bolonýa» – «Roma» duşuşygy 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Şeýle-de Ispaniýada geçirilen «Selta» – «Lion» duşuşygynda hem ýeňiji kesgitlenmedi – 1:1.

Angliýanyň «Aston Willa» topary Fransiýada «Lil» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, möhüm myhmançylyk ýeňşini gazandy.

Şeýle hem, Daniýanyň «Mitýulland» topary öz meýdançasynda «Nottingem Forest» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Belgiýanyň «Genk» topary bolsa Germaniýanyň «Fraýburg» toparyny şol bir hasap bilen — 1:0 ýeňdi.

Ähli duşuşyklaryň netijeleri:

Bu jübütleriň jogap duşuşyklary 20-nji martda geçiriler.

Ýewropa ligasynyň häzirki eýesi Angliýanyň «Tottenhem» topary bolup, geçen möwsümiň finalynda «Mançester Ýunaýted» toparyny 1:0 hasabynda ýeňipdi.