TFF-niň Kubogy: "Arkadag" topary bassyr ikinji ýyl Kuboga mynasyp boldy

12-njy martda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň aýgytlaýjy duşuşygy geçirilip, onuň netijesinde «Arkadag» topary bassyr ikinji gezek baş baýraga mynasyp boldy. 

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen final duşuşygynda «Şagadam» bilen duşuşan «Arkadag» topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. 

«Aşgabat» toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Ahal» hormatly üçünji orna mynasyp boldy. 

Final duşuşygynyň yzysüresi ýeňiji bolan toparlaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Ýeri gelende bellesek, TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşik toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçirildi: «Arkadag» (Arkadag şäheri), «Ahal» (Ahal welaýatynyň Änew şäheri), «Şagadam» (Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri), «Merw» (Mary welaýatynyň Mary şäheri), «Aşgabat» (Aşgabat şäheri), «Nebitçi» (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri), «Köpetdag» (Aşgabat şäheri) hem-de 20 ýaşa çenli Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary. 

Geçirilen bije çekişligiň netijesinde «A» toparçada «Köpetdag», «Ahal», «Şagadam», «Nebitçi» toparlary, «B» toparçada bolsa  U-20, «Arkadag», «Aşgabat» hem-de «Merw» toparlary bäsleşdiler. Deslapky tapgyrda toparlar iki toparça — «A» we «B» toparçalaryna bölünip her toparçada ilkinji iki orny eýelän toparlar ýarymfinalda bäsleşmäge mümkinçilik aldylar. 

Duşuşyklaryň ählisiniň paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda geçirildi.

 

TFF-niň Kubogynyň final duşuşygynyň netijesi:

 «Şagadam» – «Arkadag» – 0:2

Gollar: 3 Meýlis Diniýew, 61 Didar Durdyýew (“Arkadag”)

Duýduryş: 90+1 Begenç Gylyçnyýazow (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» st. (Aşgabat ş.) 

Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Arkadag ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Ýusupow (Mary ş.), A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: A.Hajypolatow (Balkanabat ş.)

 

TFF-niň Kubogynda 3-nji orny eýelemek ugrunda geçirilen duşuşygyň netijesi:

«Ahal» – «Aşgabat» – 2:0

Gollar: 79 Aşyr Jumadurdyýew, 81 Mergen Nurlyýew, öz derwezesine («Ahal»)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» st. (Aşgabat ş.) 

Duşuşygyň emini: A.Begnazarow (Mary ş.)

Kömekçi eminler: H.Amanmämmedow (Balkanabat ş.), K.Bersenýowa (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Myradowа (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: K.Seýdow (Aşgabat ş.)

Çeşme: TFF