UCL. Ikinji oýun gününiň duşuşyklaryň netijeleri

UEFA-nyň Çempionlar ligasy ýaryşynyň 1/8 final tapgyrynyň ilkinji oýun gününiň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Bu duşuşyklaryň netijesinde käbir toparlar çärýek finala çykmaga bir ädim golaýlady, käbir garşylaşyklarda bolsa intriga saklanyp galdy.

Stambulda geçirilen duşuşykda Türkiýäniň «Galatasaraý» topary Angliýanyň «Liwerpul» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly Mario Lemina geçirdi. Bu oýnuň iň gowy futbolçysy hökmünde hem Mario Lemina saýlandy.

Italiýada geçirilen duşuşykda Germaniýanyň «Bawariýa» topary «Atalanta» toparyny 6:1 hasabynda ýeňdi. Myhmanlaryň gollaryny Ýosip Stanişiç, Serž Gnabri, Maýkl Olise (2 gol), Nikolas Jekson hem-de Jamal Musiala geçirdi. «Atalantanyň» ýeke-täk goluny Mario Paşaliç öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde Maýkl Olise saýlandy.

Angliýada geçirilen duşuşykda «Nýukasl» bilen «Barselona» toparlarynyň arasynda 1:1 hasabynda deňlik hasaba alyndy. Meýdan eýeleriniň goluny Harwi Barns geçirdi. Myhmanlaryň goluny bolsa Lamin Ýamal penalti urgusyndan geçirdi. Bu oýnuň iň gowy oýunçysy hökmünde Harwi Barns saýlandy.

Madridde geçirilen duşuşykda «Atletiko» topary Angliýanyň «Tottenhem» toparyny 5:2 hasabynda ýeňdi. «Atletikonyň» gollaryny Markos Lorente, Hulian Alwares (2 gol), Antuan Grizmann hem-de Robin Le Norman geçirdi. «Tottenhemiň» gollaryny Pedro Porro bilen Dominik Solanke geçirdi. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde Hulian Alwares saýlandy.

Bu jübütleriň jogap duşuşyklary geljek hepde geçirilip, çärýek finala çykjak toparlar kesgitlener.