TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary
10-njy martda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýarymfinal duşuşyklary geçiriler.
“Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen Kubok bäsleşiginiň ilkinji ýarymfinalynda “Şagadam” hem-de “Aşgabat” toparlary meýdana çykdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşyk 1:0 hasabynda “Şagadam” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ikinji ýarymfinalda “Arkadag” topary “Ahaldan” 2:1 hasabynda üstün çykdy.
Şeýlelikde 12-nji martda geçiriljek final duşuşygynda “Şagadam” bilen “Arkadag” toparlary duşuşarlar. 3-nji orun ugrundaky duşuşykda bolsa “Ahal” bilen “Aşgabat” toparlary güýç synanyşarlar.
11-nji martda Kubok bäsleşiginde 5-6-njy hem-de 7-8-nji orunlar ugrundaky duşuşyklaryň geçiriljekdigini hem ýatladýarys. 5-nji orun ugrunda “Köpetdag” bilen Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U20) meýdana çyksalar, 7-nji ornuň ykbaly “Nebitçi” bilen “Merw” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda kesgitlener.
TFF-niň Kubogynyň ýarymfinal duşuşyklaryň netijeleri:
«Şagadam» – «Aşgabat» – 1:0
Gol: 32 Akmämmet Metdäýew (“Şagadam”)
Duýduryş: 45 Hydyrgeldi Atdjanow, 85 Gurbanguly Garaýew, 90+6 Batyr Gaýlyýew (“Şagadam”) – 43 Pirmyrat Sultanow, 58 Orazly Begnazarow, 80 Garly Garlyýew (“Aşgabat”)
Geçirilen ýeri: «Aşgabat» st. (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.), U.Atamyradow (Änew ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat)
«Arkadag» – «Ahal» – 2:1
Gollar: 67 Daýanç Meredow, 71 Meýlis Diniýew (“Arkadag”) – 85 Süleýman Mirzoýew (“Ahal”)
Duýduryş: 54 Güýçmyrat Annagulyýew (“Arkadag”)
Geçirilen ýeri: «Aşgabat» st. (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.), Ş.Ýusupow (Mary ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Begnazarow (Mary ş.)
Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Çeşme: TFF

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


