"Bawariýa" bir wagtlar A seriýasyna geçmegi hem pikir edipdi
2003-nji ýylda «Bawariýa» kluby Germaniýanyň çempionatynda teleýaýlym hukuklaryndan gelýän girdejileri paýlaşmak ulgamy sebäpli uly dawanyň merkezinde galdy. Bundesligada merkezi marketing ulgamy boýunça klublar teleýaýlym hukuklaryndan gelýän girdejileri bilelikde paýlaşýardy.
2000-nji ýylda Bundesliga "KirchMedia" kompaniýasy bilen 3 milliard marka (takmynan 1,5 milliard ýewro) möçberinde şertnama baglaşypdy. Bu serişdeler ähli klublaryň arasynda deň paýlanmalydy.
Emma birnäçe wagtdan soň «Bawariýa» şol mediaholding bilen aýratyn şertnama baglaşyp, gizlin ýagdaýda goşmaça 21,5 million ýewro alandygy belli boldy. Bu barada liganyň ýolbaşçylarynyň habary bolmandyr.
Şondan soň Bundesliganyň ýolbaşçylary «Bawariýa» garşy birnäçe sanksiýany ara alyp maslahatlaşdy. Hatda toparyň käbir çempionlyklarynyň ýatyrylmagy ýa-da transfer gadagançylygynyň girizilmegi ýaly çäreler hem gürrüň edildi.
Şol döwürde «Bawariýanyň» ýolbaşçylary berk garşylyk görkezdi. Klubyň ýolbaşçylarynyň biri Karl-Haýnz Rummenigge toparyň hatda utuklarynyň alynmagyny hem kabul etmejekdigini aýtdy. Şeýle-de klubyň başga bir meşhur ýolbaşçysy Franz Bekkenbauer ýagdaý şeýle dowam etse, «Bawariýanyň» Germaniýanyň çempionatyndan çykyp, Serie A geçmegi hem mümkin bolup biljekdigini duýdurdy.
Netijede taraplar ylalaşyga geldi. «Bawariýa» 3 million ýewro tölemäge razy boldy we bu pul haýyr-sahawat işlerine ugradyldy. Bundesliga bolsa uzak dowam edip biljek sud işlerinden we çempionata ýüze çykjak zyýandan gaça durmak üçin goşmaça sanksiýalardan ýüz öwürdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


